Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen futbolçylarynyň ýeňşi
Sport
Türkmen futbolçylarynyň ýeňşi
Çap edildi 26.03.2017
2332

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Hytaýyň Taýpeý toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu bäsleşik 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji aýlawynyň çäklerinde geçirildi. Türkmen türgenleri “E” toparda çykyş edýärler. Onda Bahreýniň we Singapuryň futbolçy toparlary bar. Onda birinji we ikinji orna düşen toparlar ýaryşyň final bölümine çykýarlar. Türkmenistanlylar bu ugurdaky bäsleşigi ýeňiş bilen başladylar. Bäsleşigiň 23-nji minudynda Y.Annamyradow dürs urgy bilen hasaby açdy. Şondan bir minut geçen soň R.Mingazow biziň toparymyzyň artykmaçlygyny ýokarlandyrdy. Oýnuň birinji ýarymynyň soňky sekuntlarynda garşydaş toparyň oýunçysy P.Çen bir pökgini geçirmegi başardy. Oýnuň 83-nji minudynda P.Çen türkmen futbolçylarynyň hüjümi mahalynda pökgini yzyna gaýtarmakçy bolup, nädogry urgy bilen ony öz derwezesine gönükdirdi. Şeýlelikde, hasap 3:1 boldy. Türkmen futbolçylary üç utuk bilen öz toparlarynda öňde barýarlar we 13-nji iýunda Aşgabatda Bahreýniň futbolçylary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýärler. Hytaýyň Taýpeý topary bilen jogap duşuşygyny türkmen paýtagtynda 14-nji noýabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow