Baş sahypa
\
Sport
\
Gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar üstünlikli çkyş edýärler
Sport
Gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar üstünlikli çkyş edýärler
Çap edildi 27.03.2017
2500

Almaty şäherinde (Gazagystan) gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” atly halkara ýaryşyna badalga berildi. Ol ýerde ildeşlerimiz “Rapira” görnüşinde (ýeňil türgenleşik ýaragy) altyn we iki bürünç medal gazanmagy başardylar. Birinji orna ýetginjekler toparynda garşydaşlarynyň hemmesinden üstün çykan Jumanazar Döwletnazarow mynasyp boldy. Bu ýaryşda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we ýaryşyň eýeleri bolan Gazagystanyň ýygyndy toparlaryndan 30-dan gowrak türgen ildeşimiz bilen bäsleşdi. J.Döwletnazarow ýene bir medaly, ýagny bürünç medaly toparlaýyn bäsleşikde Maksat Hallyýew we Danil Podorogin dagy bilen bilelikde çykyş edip eýeledi. Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy hem oňat netije gazandy. Aýlar Melikowa, Kameliýa Melaşenko we Waleriýa Satylowa dagy hem toparlaýyn bäsleşikde bürünç medaly eýelediler. Biziň gylyşlaşmak boýunça türgenlerimiz sportuň bu olimpiýa görnüşiniň ýene iki ugry boýunça çykyş ederler. Ýaryş 31-nji marta çenli dowam eder.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow