Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 12-nji Iýul
Resmi
Resmi habarlar 12-nji Iýul
Çap edildi 12.07.2015
1850

“Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza döwrebap ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek, lukmanlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy has-da kämilleşdirmek, şeýle hem öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň nobatdaky toplumyny işe girizmek we netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine bellenen tertipde öz garamagynda: Aşgabat şäherinde býujetden maliýeleşdirilýän we tölegli hyzmatlary edýän 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezini; Aşgabat şäherinde hojalyk hasaplaşygynda işleýän we býujetden maliýeleşdirilýän Halkara okuw-ylmy merkezini; Ahal welaýatynda býujetden maliýeleşdirilýän we tölegli hyzmatlary edýän 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini edara görnüşli taraplar görnüşinde döretmäge ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow