Baş sahypa
\
Sport
\
Gylyçlaşmak boýunça ussat türgenlerimiz “Alatau gylyçlary” ýaryşynda ýene bir medala eýe boldular
Sport
Gylyçlaşmak boýunça ussat türgenlerimiz “Alatau gylyçlary” ýaryşynda ýene bir medala eýe boldular
Çap edildi 29.03.2017
2465

azagystanda geçýän “Alatau gylyçlary” atly gylyçlaşmak boýunça halkara ýaryşda ildeşimiz Ahmet Agaýew erkekleriň arasynda “şpaga” agyr söweş ýaragynda gylyçlaşmak boýunça ýaryşda bürünç medaly eýeledi. Bu toparda dürli ýurtlardan bolan türgenleriň 100-e golaýy baýraklar ugrunda bäsleşdiler. Deslapky duşuşyklaryň barşynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby A.Agaýew Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan gelen türgenleri ynamly ýeňmegi başardy. Finala çykmak ugrunda geçen duşuşykda bolsa ýer eýeleriniň toparynyň wekilinden çekeleşikli göreşde ýeňildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şu güne çenli gazanan medallarynyň sany indi bäşe ýetdi. Olaryň biri altyn we dördüsi bürünç medallardyr. Ýygyndy toparymyza altyn medaly ýetginjekleriň arasynda ýeňil türgenleşik ýaragy bolan rapirada gylyçlaşmakda garşydaşlarynyň hemmesini ýeňen Jumanazar Döwletnazarow getirdi. Mundan başga-da, ol şpaga bilen gylyçlaşmak ýaryşynda üçünji orny eýeledi hem-de bu görnüşde toparlaýyn ýaryşda Maksat Hallyýew we Danil Podorogin bilen birlikde bürünç medala eýe boldy. Ýene-de bir bürünç medaly rapira bilen söweşmekde toparlaýyn ýaryşda Aýlar Melikowa, Kameliýa Melaşenko we Waleriýa Satylowa dagydan ybarat bolan gyzlar toparymyz eýeledi. Indi ildeşlerimiz “Gylyç” bilen söweşmek boýunça medallar üçin bäsleşerler. Ýaryş 31-nji marta çenli dowam eder.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow