Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik ulgamynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi.
Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi.
«Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 8-nji sany okyjylara ýetirildi. Neşir ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty, bilim, ylym, innowasiýalar, halkara hyzmatdaşlyk, ekologiýa başlangyçlary we jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly möhüm hem-de derwaýys maglumatlary özünde jemleýär.
Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahat boldy.
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün paýtagtymyzda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda — eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi.