Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
Jemgyýet
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
Çap edildi 25.10.2026
23

Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi. Myhmanlara türkmen topragynyň berekedi bolan naz-nygmatlar hödür edildi.

Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, muzeý işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerini hem-de türkmen alabaý itleriniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, fotosuratlarda çeper beýan edýän Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi-pawilýonlary ýaýbaňlandyryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli mirasyny dünýäde wagyz etmek we ony gorap saklamak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly gaýtalanmajak tohumlary döreden halkymyz bu naýbaşy tohumlarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly olaryň tohum aýratynlygyny şu güne çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy başarypdyr.

Häzirki wagtda bu işler döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen alabaýynyň wepadarlyk, gaýduwsyzlyk, düşbülik ýaly häsiýetleriniň kemala gelmeginde tejribeli seçgiçilere möhüm orun degişlidir.

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren itşynaslyk sungaty dünýä medeniýetiniň aýrylmaz we naýbaşy bölegi hökmünde ykrar edildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, özboluşly medeni gymmatlyklarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanýan üstünlikleriniň özeninde ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we ýörelgeleriniň durandygyny aýdyň görkezýär. Ýylyň şygaryna bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen dabaralar dünýäde milli medeniýetimiziň naýbaşy nusgalaryny şöhratlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli itşynaslara, alabaýlaryň janköýerlerine we halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, adamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzündäki tohum itleriň iň naýbaşylarynyň biridir. Halk seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen türkmen alabaýlary halkymyzyň köňül guwanjydyr. Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem aýdyň beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz ajaýyp alabaý itlerimizde gaýratlylygyň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp alamatlaryny görüpdirler. Türkmen alabaýlary gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň ýaraşygydyr we goragçysydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjymyzdyr diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

...Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Synlaýyş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden saýlanyp alnan iň gowy alabaýlaryň 10-ysy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlaryň hersi belli bir nesil ugruna degişlidir. Milli itşynaslygy ösdürmäge gönükdirilen bu bäsleşik alabaýlaryň tohum arassalygynyň saklanylmagyna ýardam berýär.

Bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlar tomaşaçylara eýeleriniň öwreden endiklerini görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daş keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy alabaýy päsgelçiliklerden geçmäge gönükdirmekde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigiň netijelerini jemlemek hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady ýetip gelýär. Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaýlary dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Aşgabat şäherinden hususy itşynas A.Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Hususy itşynas A.Bakeýew gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Dabaranyň dowamynda türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň hem-de teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Bäsleşigiň haly eserini döretmek ugry boýunça «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi A.Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly haly eseri bilen ýeňiji boldy. Döredijilik bäsleşiginiň surat eseri ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby S.Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi.

Bäsleşikde heýkel eseri ugry boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby B.Batyrowa özüniň taýýarlan «Alabaýyň waspy» atly işi bilen ýeňiji boldy. Neşir önümi ugry boýunça ýene-de şol akademiýanyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäriniň üçünji ýyl talyby Y.Ýaýlimow türkmen alabaýynyň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi üçin ýeňiji diýlip yglan edildi. Döredijilik bäsleşiginde teleoperatorlaryň taýýarlan wideoşekilleri seljerilende, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy N.Orazgeldiýew «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriň taýýarlanylyşy» ady bilen taýýarlan wideoşekilleri bilen ýeňiji boldy.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Milli gymmatlyklarymyzy çeper wasp etmek ýaly asylly işlere we uly dabaralara beslenen pursatlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Bäsleşigiň ýeňijileri Şa serpaýlaryny uly buýsanç bilen kabul edip, milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini dileg etdiler. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileri paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyzy giňden wasp etmekde mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýlelikde, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlara döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.

Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow