11.02
2015
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalda türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalaryň berilmegi dowam edýär.
28.01
2015
2015-nji ýylda Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi Gündogaryň ylym, edebiýat, sungat, arhitektura we medeni merkeziniň taryhy mirasynyň möhümdiginiň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
27.01
2015
Mary, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Mary şäheri - türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň resmi açylyş dabarasy bolup, şähere berlen bu hormatly derejä görä belleniljek çärelere badalga berildi.
02.01
2015
Aşgabat, 1-nji ýanwar (TDH). Ine, Täze, 2015-nji ýyl başlandy, sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk elmydama täze ajaýyp isleg-arzuwlar bilen garşylanýar. Bu şadyýan we şowhunly baýramçylyk aýratyn-da çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şunda tolgundyryjy duşuşyklar bolýar, süýji nygmatlar we garaşylmadyk ýakymly sowgatlar berilýär, munuň özi bu baýramçylyk barada ýakymly ýatlamalary döredýär.