Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Müsür Arap Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hijri-kamary hasaby boýunça täze — 1446-njy ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Bu mübärek günlerde Beýik Biribardan ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, abadançylyk dileýärin.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň janyna howp salynmagy bilen baglanyşykly habary Türkmenistanda uly howatyrlanma bilen kabul edilendigi barada habar berýär.
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Sizi bereketli türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatmaly.
Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýewi Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
Nurmuhammet Baýramberdiýewiç Orazgeldiýewi Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellemeli.