Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda
Çap edildi 12.07.2024
4010

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;

2) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;

3) talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmaly.

2. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2280 manat möçberde;

2) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 665 manat möçberde;

3) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 550 manat möçberde;

4) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 520 manat möçberde bellemeli.

3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1410 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

4. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini tassyklamaly.

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji iýuly.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow