Mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Goý, bu mübärek baýram Size bagtyýarlyk, abadançylyk, biziň halklarymyza we ähli musulman ymmatyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk getirsin!
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä resmi ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Siril Ramafosa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Sizi her bir güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýän, adamzadyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) wezipesine bellemeli.
Sizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Biribardan bizi jebisleşdirýän bu mübärek baýramyň tutuş adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini dileýärin.
Iberen hatyňyz hem-de agtyjagyňyz Aýjereniň taýýarlan sowgady üçin hoşallygymy bildirýärin. Panda gurjajygyny şekillendirýän bu ajaýyp we nepis el işi maňa örän ýarady.
Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn!