Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde hem-de ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.
Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy.
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar.
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek geçen aýda geçirilen köp sanly çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, sergilerde, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň görkezijileridir.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan musulman ymmatyna abadançylyk dileýärin.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň senagat, serişde, zähmet we aň-paýhas kuwwatyny kämilleşdirmek, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.