11-nji iýunda saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry bolan Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Möwsümiň ilkinji iki tapgyryny düzýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işi ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna, halkara kadalara laýyk gelýän şertlerde geçirildi. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine jemi 9 — her saýlaw okrugy boýunça 3 dalaşgär hödürlenildi.
Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 14-nji iýunda bu işe girişdiler. Ýurdumyzyň demirgazyk we günbatar sebitlerinde il sylagly ýaşulular halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan orak möwsüminiň üstünlikli geçmegini dileg etdiler. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri: «Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny möwsümiň rowaçlanmagynyň nyşany hökmünde kombaýnçylara berdiler.
Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilim ulgamynyň esasyny düzýär, çünki hut şeýle bilim okuw arkaly täze nesillere geçirilýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi.
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.