12.06 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

12.06 2024

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

11.06 2024

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

11.06 2024

Şu gün biz Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşýarys. Mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýola maslahata gatnaşýandygy we türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bu foruma türkmen hem-de koreý işewürleriniň, iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek.

11.06 2024

Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, eziz Diýarymyzda ylmy ösdürmekde we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde alyp barýan işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

11.06 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy.

11.06 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

11.06 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

11.06 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

11.06 2024

Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

1469 sahypa
Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna