Kerman şäherinde bolup geçen hem-de köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hadysa zerarly Siziň Alyhezretiňiziň iberen hatyňyzda beýan eden gynanjyňyz we duýgudaşlyk sözleriňiz üçin hoşallygymy bildirýärin.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda «Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň» binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge goşýan şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary kabul etmegiňiz hem bu ugurdaky tagallalaryňyzyň aýdyň subutnamasydyr.
Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Ýurdumyza sapar bilen gelen belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy.
Syn berilýän 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň batly depgini diwersifikasiýa usulynda durnukly ösýändigi, önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň artýandygy, maýa goýum işjeňligi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi bilen häsiýetlendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysadyýet we durmuş ulgamlaryny bazar gatnaşyklary hem-de sanlylaşdyrmak esasynda özgertmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak babatda döwlet syýasatynyň baş maksadyny amala aşyrmakda toplumlaýyn wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny ynamly durmuşa geçirmegini dowam etdirýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.