Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna üýtgewsiz eýerýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylda daşary döwletlere amala aşyran saparlary bu babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şol saparlaryň jemleri ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köpugurly abraýly düzümleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Türkmenistany dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostluk, özara hormat, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady, söwda, bilim, ylym, medeniýet, sport ýaly esasy ugurlary öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açdy.
Saparyň dowamynda Milli Liderimiz meşhur syýasatçylar, amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory, dürli pudaga ýöriteleşen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. ABŞ-ly hyzmatdaşlar ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Şunda iki ýurduň işewür düzümleriniň ugry boýunça maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Sport ulgamynda, şol sanda golf, atly sport bilen bagly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, ugurdaş hünärmenleriň arasynda özara gatnaşyklary ilerletmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.
Özara bähbitli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi 27-nji martda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň işiniň netijeli häsiýete eýedigi aýdyldy. Gepleşikleriň dowamynda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigi bellenildi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşini we diwersifikasiýasyny üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak möhümdir.
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17 — 19-njy martda HHR-e bolan dostluk saparynyň netijeleri özara hyzmatdaşlyga täze itergi berdi. Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi tassyklanyldy. Ýurtlarymyz BMG-niň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldap, tagallalary utgaşdyrýarlar. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Gepleşikleriň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, iri “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de bilelikde özleşdirmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.
Gaz pudagynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri 18-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek babatda gazanylan ylalaşygyň wajyp ähmiýeti nygtaldy. Şunda hormatly Prezidentimiziň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly iri uzak möhletleýin taslamany durmuşa geçirmäge gönükdirilen Karary wajyp ähmiýete eýedir.
17-nji aprelde Mary welaýatynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmaga we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berildi.
Ýewropa ugry Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň anyk mysallarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Şu ýylyň aprel aýynda Gahryman Arkadagymyzyň Wena amala aşyran sapary netijeli döwletara dialogyň taryhynda täze sahypany ýazdy. Geçen döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň berk binýady kemala getirildi. Bu işde Türkmen-awstriýa bilelikdäki topary netijeli gural bolup çykyş edýär. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine uly orun degişlidir. Onuň işi ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi berkitmegiň möhüm şerti hökmünde medeniýetara dialogy mazmun taýdan baýlaşdyrmagy ugur edinýär.
Saparyň dowamynda Milli Liderimiz Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Munuň özi Türkmenistanyň möhüm ugurlarda häzirki zaman meselelerini oňyn çözmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde başlangyçly orny eýeleýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän, energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara hukuk we beýleki şertlerdir kepillikleri döretmek maksady bilen, jogapkärçilikli, yzygiderli syýasaty alyp barýar. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ozal toplanan tejribä, häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, ýurdumyzyň energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe teklibi beýan etdi.
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene-de bir gezek üns çekildi. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy wajyp ugurlaryň biridir. Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýandygyny nygtamak bilen, BMG-niň howandarlygynda Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamasynyň öňbaşçysy bolup çykyş etdi. Munuň özi mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin pugta esasdyr. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere hem şunuň ýaly netijeli çemeleşýär. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny gazanmaga doly ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “ýaşyl” energetika ulgamynda, ýel we Gün energiýasyny ulanmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň tebigy gazyň esasynda wodorod energetikasyny ösdürip başlamaga girişip, bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňden işleşmäge taýýardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy Maksatnamany döretmek başlangyjy beýan edilip, Türkmenistanyň BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdygy tassyklanyldy.
Ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme hemmetaraplaýyn goldaw berip, onuň öz wezipelerini hem-de maksatlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin amatly şertleri üpjün etjekdigini nygtady.
Gahryman Arkadagymyz forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada durup geçip, 2025-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ählumumy ähmiýetini nygtady. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda iş alyp barýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň wajyp ugurlar boýunça kabul eden Kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam etdirer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Wenada Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyklary geçirdi.
Türkmenistan daşary syýasatynda köpugurly diplomatiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Bu suw we ekologiýa diplomatiýasy babatda-da şeýledir. Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklarda olaryň orny düýpli ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiz Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşlarynda bu ugur bilen baglanyşykly meselelere we ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin 21-22-nji aprelde Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşynda giňeldilen ekologiýa gün tertibiniň toplumlaýyn, bitewi we hakyky sebit ölçeginde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki ekologiýa wehimlerini çözmegiň derwaýysdygyna ünsi çekip, durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemegi meselesini şolaryň esasysy hökmünde görkezdi. Şonuň netijesinde suw serişdeleriniň azalmagynyň, topragyň ýaramazlaşmagynyň, çölleşme hadysasynyň güýçlenmeginiň, biologik köpdürlüligiň ýitirilmeginiň, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan çäklerden göçüp gitmek hadysalarynyň artmagynyň şaýady bolunýar. Şeýle şertlerde döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlaryny ýatladyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň uly ähmiýete eýedigini, ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak meseleleri babatda sebit dialogyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmeginiň, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagynyň, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagynyň üýtgewsiz tarapdary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler.
Ýurdumyz Hazar deňzi sebitine girýän döwlet bolup, Hazar deňziniň ähli ekologik meseleleri babatda işjeň çykyş edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda Hazar ekologik başlangyjy bilen çykyş edip, ony durmuşa geçirmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlady we ähli Hazarýaka döwletlere iberdi. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, Aral deňzini halas etmek meselesini hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu işde Araly halas etmegiň halkara gaznasyna (AHHG) wajyp orun degişlidir.
Döwlet Baştutanymyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-da başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini, halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatdy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” döretmek baradaky başlangyç hem ýurdumyza degişlidir. Onuň taslamasy 2019-njy ýylda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasyna hödürlenildi. Soňra şol komissiýanyň 79-njy sessiýasynda bu maksatnamany döretmegiň şertlerine garamak hakynda Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyry işlenip düzüldi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Aral meselesini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki möhüm ekologiýa wehimlerinden üzňe göz öňüne getirip bolmajakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ekologik howpsuzlyk meselelerine Merkezi Aziýanyň durmuş hem-de ykdysady abadançylygyny, sebitiň ösüşiniň we rowaçlygynyň kesgitleýji şerti hökmünde ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek boýunça umumy wezipäniň aýrylmaz bölegi hökmünde bitewülikde garamagyň zerurdygy baradaky pikiri beýan etdi. Hut şeýle çemeleşme ähli serişdeleri has netijeli ulanmaga, esasy ugurlarda ünsi jemlemäge mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz bu işde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň utgaşdyryjy ornunyň ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu düzümiň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işläp taýýarlamak meselesine garamak hakyndaky teklibi beýan etdi.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň geçen döwründe daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň dowamynda öňe süren, möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça wajyp çözgütleri işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär.