Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Niýnistýo Finlýandiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biauwdan ynanç hatyny kabul etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Tailandyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.