Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi.
Şu gün “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň strategik maksatlaryna ýetmegiň ýolunda üstünlikleriň gazanylýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Bu strategik maksatlar netijeli halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi, bilelikdäki mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özara ylalaşylan çemeleşmeleri hem-de gurallary işläp taýýarlamagy, toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeler bilen Watanymyzy ynamly öňe alyp gitmegi, halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmagy öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.