Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, şol sanda serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, ulag ulgamy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu gün paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Sizi ata Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli baýram — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.