Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilip geçiljek 2024-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başynda jemlenip, döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini halkara giňişlikde wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Şu gün ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyz we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Ilki bilen, sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlaýaryn we netijeli işlemegi arzuw edýärin. Şeýle hem ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýaryn we oňa şu jogapkärli döwürde alyp barjak işinde goldaw, ýardam beriji sözlerimi beýan edýärin.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyny okady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi.