Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi
Ykdysadyýet
Türkmenistan azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi
Çap edildi 19.09.2023
2137

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. 

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «COVID-19» pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesi çözülmedik, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy. 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende agzybirlik, tutanýerlilik we aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir.

Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütleriň, täze çemeleşmeleriň zerurdygyny hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi.

«Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä Azyk Maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär» – diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Türkmenistanyň paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mälim etdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow