Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we olaryň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene — Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.
Türkmenistan halkara energetika hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, nebitgaz ulgamynda dürli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
D.Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda
Sizi Türkmenistanda her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary derejede dabaraly bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň abraýyny dünýä giňişliginde belent derejä göterýän daşary syýasat ugrunyň üýtgewsiz ýörelgeleridir. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň gatnaşýan hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga we işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän dürli görnüşdäki ýokary derejeli duşuşyklary-da şaýatlyk edýär. Giň geografik giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibindäki meseleleri çözmäge uly goşant goşýar.