Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.
Şu gün Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe gün zähmet rugsadynda bolandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyza dolanyp geldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.