Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça täze, ýokary netijeli tehnologiýalary döretmek hem-de ösdürmek, geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek bilen bagly işleri döwrebap amala aşyrmak, şeýle hem “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezleriň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
Doglan günüm mynasybetli mähirli gutlaglaryňyz, ýürekden arzuwlaryňyz we telefon arkaly aýratyn söhbetdeşligiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Doglan günüm mynasybetli iberen tüýs ýürekden gutlaglaryňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz, şeýle hem telefon arkaly aýratyn söhbetdeşligiňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan edýärin.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garaldy.