Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
Şu gün Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şowhunly bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän toý-baýramlaryň bagtyýar watandaşlarymyzy ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna, asyrlardan şu günlere gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, baý medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Size we tutuş doganlyk türkmen halkyna baharyň, täzelenişiň we galkynyşyň baýramy bolan Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat öz işine başlady. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.