28.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

28.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýurduň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şol sanda bigünä çagalaryň köpüsiniň heläk bolmagyna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

 

28.09 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

28.09 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi.

28.09 2022

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, döwletiň howpsuzlygyny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly.


28.09 2022
28.09 2022

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

28.09 2022

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň, jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda” Permana gol çekdi.


28.09 2022

Ähli gazagystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

27.09 2022

Şu gün türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler.

1486 sahypa
Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler