08.06 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


08.06 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.


08.06 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä Günorta Horasan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

08.06 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:


08.06 2022

Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.


08.06 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Norwegiýanyň Patyşasy Harald V we ýurduň tutuş halkyna Türkmenistan bilen Norwegiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

07.06 2022

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary artýar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň eksport kuwwaty pugtalanýar.

07.06 2022

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

06.06 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.

06.06 2022

Geçen hepde ýatda galyjy wakalara baý bolup, olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde häzirki zaman Türkmenistanyň gülläp ösýän döwletdigini nobatdaky gezek subut etdi. Ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar ýaşamagy we zähmet çekmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär.

1489 sahypa
Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi