Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna käýinç yglan edildi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersoga Ysraýyl Döwletiniň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.