31.03 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


31.03 2022

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

30.03 2022

Milli medeniýet ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikler, toplumlaýyn ösüş üçin berk maddy binýat we uly kuwwat bilen gadam basýar.

30.03 2022

Şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. 

29.03 2022

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

29.03 2022

Geçen hepdäniň wakalarynda ýurdumyzyň açyklyk hem-de beýleki halklaryň bähbitlerine hormat goýmak syýasatynyň parahatçylyk döredijilikli işjeň ornunyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik üstünlikleri bilen berkidilen milli, ruhy baýlygymyzyň üýtgewsiz we müdimi gymmatlyklary öz beýanyny tapdy.

28.03 2022

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin.

28.03 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

28.03 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogynyň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

28.03 2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.

1490 sahypa
Soňky habarlar
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy