09.03 2022

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsleşik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Duşuşyklar jemgyýetçiligiň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär.

09.03 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak, olaryň işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran, Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýän binany Suratkeşler birleşigine bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.


09.03 2022

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna Goturdepe nebitgaz ýatagynda şol şertnama laýyklykda iş alnyp barylýan nebit guýulary bilen bilelikde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.


08.03 2022

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi.

08.03 2022

Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, Zemine bereket, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp bahar baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, Garaşsyz Watanymyza söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

07.03 2022

1-nji martda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.

07.03 2022

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň adyndan Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary we bu ugra ygrarlydygy üçin hoşallygymy beýan edýärin, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 çärelerinde eden resmi çykyşynyň dowamynda habar berdi.

07.03 2022

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

07.03 2022

Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

07.03 2022

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

1491 sahypa
Soňky habarlar
22.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22.06
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi