Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
Ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu wakanyň ähmiýeti köpugurly häsiýete eýe bolup, onda döwletimiziň hem-de saýlawlara gatnaşjak ähli ildeşlerimiziň ykbaly öz beýanyny tapar.
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem käbir soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
12-nji martda boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde şu gün Balkan we Lebap welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
“Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” we “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.