16.09 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

15.09 2025

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty netijesinde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadydyr.

15.09 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi.

15.09 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

14.09 2025

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň her mejlisi Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadyr.

13.09 2025

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi.

13.09 2025

Şu gün paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy.   

13.09 2025

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

12.09 2025

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

12.09 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we Daşary işler ministrligine 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

1462 sahypa
Soňky habarlar
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy