Resmi
20.11 2026

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

16.11 2026

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

13.11 2026

Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

13.11 2026

Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanowy, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

13.11 2026

Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

13.11 2026

Nazar Halnazarowiç Agahanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.

13.11 2026

Aýmyrat Amandurdyýewiç Kürtowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


13.11 2026

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

08.11 2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

156 sahypa
Soňky habarlar
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
20.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
20.11
GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi
19.11
Milli miras — geçmişiň tejribesini, häzirki döwrüň gazananlaryny we geljege tarap ynamly ädimleri baglanyşdyrýan köpri
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy