16.04
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Kakageldiýewiç Gulmämmedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
09.04
2015
1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.
03.04
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Şyblangulyýewiç Alymow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenildi.
02.04
2015
“Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň Düzgünleri, şeýle hem Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň Düzgünleri tassyklanyldy.
01.04
2015
1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
01.04
2015
Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
28.03
2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün paýtagtymyzda geçirilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň «Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar» atly maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenme ýollady.
27.03
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, Garaşsyz döwletimizde kitaphana işini häzirki zaman şertlerinde guramak, raýatlara edilýän kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek we ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli bolmaklary üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustynda çykaran 13171-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine garamagyndaky welaýat, etrap we şäher merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek we onuň bilen bagly zerur enjamlary, serişdeleri, programma üpjünçilik önümlerini satyn almak, gurnamak hem-de merkezi kitaphanalaryň arasyndaky aragatnaşygy üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak barada “Nokat kompýuter” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
24.03
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurmuhammet Gündogdyýewiç Aýmämedow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
20.03
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy tassyklanyldy.