17.07
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkünçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, şeýle hem 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň geçen 20 ýylda üstünlikli durmuşa geçirilendigini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasy we şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2015-2017-nji ýyllary üçin Milli meýilnamasy tassyklanyldy.
13.07
2015
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçsmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk esasy we goşmaça jeza çärelerini çekmekden boşadyldy.
12.07
2015
“Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza döwrebap ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek, lukmanlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy has-da kämilleşdirmek, şeýle hem öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň nobatdaky toplumyny işe girizmek we netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
12.07
2015
Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi 2015-nji ýylyň 10–11-nji iýulynda Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy.
09.07
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramow Döwran Atamyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
06.07
2015
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ýüstisiýanyň geňeşçisi Ýagmyr Muhammetdurdyýewiç Hallyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň başlygy wezipesinden boşadyldy.
01.07
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkiminiň orunbasary Arazmämmet Berdimämmedowiç Hojamow Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
21.06
2015
“Standartlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy” hakyndaky Türkmenistanyň TDS 562-2015 döwlet standarty tassyklanyldy.
19.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapynda Okuw merkezi toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
18.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmäge giň ýol açmak, ýaş nesli milli ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemek, raýatlaryň ynanç-ygtykatlaryny erkin berjaý etmegine has oňat şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 3000 orunlyk metjidiň, 500 orunlyk sadaka berilýän jaýyň, 50 orunlyk myhmanhananyň, awtoduralganyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Altyn gül” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.