Resmi
10.08 2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
04.08 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde guruljak 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.
31.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
29.07 2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
27.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimi Rejepalyýew Atamyrat Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.
22.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, podpolkownik Mamowow Döwletgeldi Amangulyýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
21.07 2015
«Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň maddy binýadyny kämilleşdirmek, talyplara bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmak we Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen,Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminamada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli asyrlara barabar tutumly işler amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler eziz Diýarymyzy ösüşleriň täze, has ýokary sepgitlerine çykarýar diýlip bellenilýär.
19.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.
18.07 2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sona Agajanowna Annaniýazowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine bellenildi.
134 sahypa
Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady