Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Sähetdurdy Meretdurdyýewiç Atajanow Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltmak we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleri yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri we ösüşleri, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge uly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Polat Halymberdiýewiç Çörliýew Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe käýinç yglan edildi.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda