Baş sahypa
\
Resmi
\
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 12.09.2023
3510

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek, wagyz etmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek we dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Şaguly Baýramgulyýewiç Hojamgulyýew;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 2-nji derejeli orkestriniň artisti Serdar Dörtgulyýewiç Bäşimow;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Babamyradowiç Nyýazow;

Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti Allamyrat Akmyradowiç Idirisow;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiç Baýramgeldiýew;

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Baýgeldiýewiç Hangeldiýew;

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Arazmyradowiç Atabaýew;

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Annadurdyýewiç Urpekow;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Jelaledinhanowiç Annakulyýew;

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäri boýunça mugallymy Akmurat Çaryýewiç Hoşyýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Nurýagdyýewna Tuhyýewa;

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Döwletmyradowiç Hudaýberenow.

Soňky habarlar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
top-arrow