“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” we “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.
“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Derýageldi Nuryýewiç Orazowy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemeli.
Şamuhammet Durdylyýewi Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi.
“2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň hem-de olaryň gatnaşmagynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2565-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
In order to protect the rights and legitimate interests of citizens of Turkmenistan currently temporarily staying or permanently residing in foreign states due to the restrictions imposed on international transportation services caused by the pandemic of an acute infectious disease that has occurred in the world, as well as in accordance with Article 29 of the Law of Turkmenistan “On Migration”, the President of Turkmenistan signed the Decree.
Ahal welaýatyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligi döredildi.