Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
27.05 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna milli baýram — Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

26.05 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

26.05 2024

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.

26.05 2024

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini halkara giňişlikde ilerletmek, eziz Watanymyzyň sport abraýyny beýgeltmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

25.05 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

25.05 2024

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşymyza ajaýyp öwüşgin çaýýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň bilimlerini, güýçlerini we gujurlaryny eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar uçurymlarymyzyň ýüreginde ýakymly duýgulary oýarjakdygyna berk ynanýaryn. 

25.05 2024

Sizi milli buýsanjymyz, müdimi sungatymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

24.05 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.

24.05 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi.

24.05 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi.

822 sahypa
Soňky habarlar
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady