Sizi döwletimiziň işjeň hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özüne ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw edýärin.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
27-nji ýanwarda täjik-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyna 30 ýyl doldy. Iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň täze taryhynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly sene mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.
Sizi ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýan bu baýram merdana pederlerimiziň watançylyk mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.
Sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm waka — halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.