Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
22.01 2023

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadag — türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe geçirilen operasiýa bilen baglylykda hat iberip, oňa tiz wagtdan sagalmagy, şeýle hem berk jan saglyk, ruhubelentlik, gujur-gaýrat arzuw etdi.


21.01 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

21.01 2023

Uly ynam bildirip, meni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandygyňyz üçin siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu ynam meni ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzy abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýlägem yhlasly işlemäge borçly edýär.

21.01 2023

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

21.01 2023

Şu gün Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi öz işine başlady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda öňe süren başlangyjy ara alnyp maslahatlaşylar.

20.01 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi.

20.01 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

20.01 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

20.01 2023

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

20.01 2023

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

823 sahypa
Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi