Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa ýurduň milli baýramy — Slowakiýa Respublikasynyň Konstitusiýa gününiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli gününiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Sizi Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
27-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Mähriban Watanymyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!