Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
08.03 2022

Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, Zemine bereket, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp bahar baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, Garaşsyz Watanymyza söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

07.03 2022

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň adyndan Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary we bu ugra ygrarlydygy üçin hoşallygymy beýan edýärin, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 çärelerinde eden resmi çykyşynyň dowamynda habar berdi.

07.03 2022

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

06.03 2022

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli raýatlaryny ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

06.03 2022

Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginiň “Mekan” köşgünde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

05.03 2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

05.03 2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

05.03 2022

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

04.03 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy.

04.03 2022

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baranlarynda, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşyklar jemgyýetçiligiň, kärhanalaryň we edaralaryň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär.

805 sahypa
Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi