Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Siziň kakaňyzyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim.
Sizi «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdik. Onuň tutanýerli zähmeti hem-de türkmen döwletiniň we halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary ýagşylykda ýatlanar.
Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.
Siziň kakaňyzyň aradan çykmagy zerarly meniň çuňňur gynanjymy kabul ediň. Size we Siziň maşgala agzalaryňyza tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerimi hem-de öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly goldawlarymy beýan edýärin.
Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň.