Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 22.04.2021
2533

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdik. Onuň tutanýerli zähmeti hem-de türkmen döwletiniň we halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary ýagşylykda ýatlanar.

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna bu agyr ýitgi zerarly gynanjymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan merhuma iman baýlygyny diläp, Size we Siziň maşgalaňyza duýgudaşlygymy beýan edýärin.

Hasan Ruhani,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç we hasrat duýgusy bilen kabul etdim.

Size we Siziň maşgalaňyza duýgudaşlygymy beýan edýärin.

2019-njy ýylda ejemiň aradan çykmagy zerarly iberen gynanç hatyňyz meniň maşgalam we hut özüm üçin uly goldaw boldy.

Tüýs ýürekden duýgudaşlygymy beýan edýärin hem-de merhumyň ruhunyň aram tapmagyny dileýärin.

Mun Çže In,

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Öwezini dolup bolmajak ýitgi — Siziň kakaňyzyň aradan çykandygy zerarly duýgudaşlygymy bildirýärin.

Mongol halkynyň adyndan we öz adymdan Size, Siziň maşgalaňyza, dogan-garyndaşlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Haltmaagiýn Battulga,

Mongoliýanyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň mähriban kakaňyzyň aradan çykandygy baradaky habary agyr gussa bilen kabul etdik.

Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we Siziň maşgalaňyza duýgudaşlygymy hem-de çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Beýik Allatagaladan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny dileýärin.

Goý, Beýik Biribar Size sabyr hem-de güýç-kuwwat bersin!

Tamim bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň Emiri.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow