Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary Nowruz baýramy mynasybetli tematiki çäreleri guradylar. Mälim bolşy ýaly, bu baýram ÝuNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilendir.
Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.
Nowruz baýramy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň saýtynda Halkara Nowruz güni mynasybetli Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimisu Moteginiň haty çap edildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.
Şu gün Daşary işler ministrliginde Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik ugur boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şu gün Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoduşuşyk geçirildi.