Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 18.03.2021
2969

Şu gün Daşary işler ministrliginde Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik ugur boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Taraplar sebitara we halkara ugurlarda möhüm meseleler boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny nygtadylar. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň BMG-niň, YHG-nyň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna garaldy. 

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, olary işjeňleşdirmek üçin bilermenleriň duşuşyklaryny geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag, oba hojalygy pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň duşuşyklarynyň yzygiderli häsiýetde geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýdylyp, bilim, medeniýet we sport ugurlary boýunça gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda şeýle duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini gutlady
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
top-arrow