Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
30.10 2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
30.10 2020
Sizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilen «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
30.10 2020
Şu gün Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.
30.10 2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Emomali Rahmona onuň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
29.10 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
29.10 2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
29.10 2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowyň BMG-niň gurluş düzümleriniň we halkara maliýe edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
29.10 2020
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşygy arkaly iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýurdumyza Wepa Hajyýew, Koreýa Respublikasyna Kim Gunn wekilçilik etdiler.
28.10 2020
Şu gün paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy.
28.10 2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň derejesinde «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
815 sahypa
Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi