Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda ýer gaznasy dörediler
Ykdysadyýet
Türkmenistanda ýer gaznasy dörediler
Çap edildi 24.11.2017
1970

Türkmenistanda ýurduň raýatlaryna ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek maksady bilen, ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça işler geçirilýär. Bular barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary E.Orazgeldiýew habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýer eýeleri ýer böleklerini oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygynyalyp barmak, şeýle hem şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin peýdalanyp bilerler. Wise-premýer bu gaznanyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda”, ""Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda"" bellenilen wezipelerden ugur alnyp döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, E.Orazgeldiýewe welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem ýer gaznasyny döretmek baradaky meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, ýer bölekleriniň şäher we oba ilatynyň hususy eýeçiligine berilmegi olaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow