Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 75,5 million dollaryna golaý boldy
Ykdysadyýet
Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 75,5 million dollaryna golaý boldy
Çap edildi 23.12.2017
1878

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen mazudy, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa karbamid ( “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah mata we ýüplük satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Pakistan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million 414 müň dollaryndan gowrak boldy. Pakistandan we Hindistandan gelen işewürler manat serişdelerine jemi bahasy 3 million 913 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 6 million 999 müň manat bolan nebit ýol bitumyny (TNGIZT-niň önümi), azyklyk bugdaýy, pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow